AŞTU

Biz barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji aprelindäki “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky 14211 belgili karary esasynda ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine üýtgedildi. Ilkinji gezek Aşgabat şäher telefon ulgamy  1994-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Baş hasaplaýyş merkezi tarapyndan “Aşgabat şäher telefon seti” diýilip, 235 belgi bilen hasaba alnan.

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti aragatnaşyk operatory bolup, Aşgabat şäher içinde IP-TV, Internet we radioaragatnaşyk CDMA ETS 450 D telefon hyzmatyny, ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirýär.

CDMA radioaragatnaşyk ulgamy 2003-nji ýylda Aşgabat şäherinde gurnalyp işe girizildi. 2010-njy ýyldan başlap bu ulgamyň enjamlary ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem gurnalyp ulanyşa berildi we halkymyza CDMA radioaragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynda uly isleg bilen peýdalanyp başlady, 2018-nji ýylyň awgust aýynyň 28-ne müşderiň jemi 55000-sany ýetdi.

2018-nji ýylyň awgust aýynyň 28-ne Simli telefon hyzmaty boýunça müşderileri sany 225000 ýetdi.

2018-nji ýylyň awgust aýynyň 28-ne IP-Telewideniýe hyzmaty boýunça müşderileri sany 89000 ýetdi. “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-ni, IP-TV we Internet hyzmatlaryny telefon arkaly ösdürmeklik göz öňünde tutulyp, şähermiziň ýaşaýyş jaýlaryna ilatymyzyň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirildi. 

Ilatymyzyň bu hyzmata bolan isleglerini kanagatlandyrmak we pudagymyzyň maddy binýadyny artdyrmak göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde 2018-nji ýylda Parahat 1,2,3,4,5,6 etrapçalaryna, Garaşsyzlyk, Bitarap-Türkmenistan, Türkmenbaşy, Arçabil şaýollaryna, Ata-Türk köçesine, 1,2,3,4,9,10 kiçi etrapçalaryna, Howdan A, B, W kiçi etrapçalaryna, A.Niýazow köçesiniň ( 12-nji tapgyr we aeroport töweregi) we Taslama köçelerindäki ýaşaýyş jaýlaryna köpçülikleýin optiki kabel bilen kabelleşdirilip IP-TV, Internet we ýerli telefon hyzmatlary gurnaldy.

2018-nji ýylyň awgust aýynyň 28-ne Internet hyzmaty boýunça müşderileriniň sany 32000 ýetdi.

Ulanyjylarymyzyň sany

  • Internet

    32000

  • IPTV

    89000

  • Telefon

    225000

  • CDMA

    55000

09 sorag-jogap

Edara - kärhanalar üçin 09 “sorag-jogap” gullugyna telefon belgileri bildiriş hökmünde bermek hyzmaty boýunça nyrhnamalar

  • Diňe telefon belgi barada maglumaty bermek (her aýda)
  • 1 belgi üçin 25 manat
  • 2 belgiden - 5 belgä çenli (her belgi üçin) 20 manat
  • 5 belgiden köp (her belgi üçin) 15 manat
  • Telefon belgini goşmaça maglumatlary bilen bildiriş hökmünde bermek (her aýda)
  • 1 belgi üçin 50 manat
  • 2 belgiden - 5 belgä çenli (her belgi üçin) 40 manat • 5 belgiden köp (her belgi üçin) 30 manat

E1 sanly akym

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň Ethernet hyzmaty hem-de E1 sanly akym boýunça NYRHNAMALARY

Ethernet akymynyň kärendesi daşary ýurt fiziki we hukuk taraplary üçin: Her aýda
2 mbit/s tizlige çenli 962.00 ABŞ dollary
4 mbit/s tizlige çenli 1443.00 ABŞ dollary
6 mbit/s tizlige çenli 1924.00 ABŞ dollary
8 mbit/s tizlige çenli 2405.00 ABŞ dollary
10 mbit/s tizlige çenli 2886.00 ABŞ dollary
Birikdirmek: 50.00 ABŞ dollary
Ethernet akymynyň kärendesi üçin: Her aýda
2 mbit/s tizlige çenli 1000.00 Manat
4 mbit/s tizlige çenli 1500.00 Manat
6 mbit/s tizlige çenli 2000.00 Manat
8 mbit/s tizlige çenli 2500.00 Manat
10 mbit/s tizlige çenli 3000.00 Manat
50 mbit/s tizlige çenli 15000.00 Manat
100 mbit/s tizlige çenli 25000.00 Manat
500 mbit/s tizlige çenli 70000.00 Manat
1 gbit/s tizlige çenli 120000.00 Manat
Birikdirmek: 10.40 Manat
E1 porty sanly stansiýasyna çatmak üçin her aýda tölenmeli kärende tölegi 1000.00 Manat
Müşderi bilen sanly telefon stansiýasynyň arasynda gurnalan E1 akymy üçin her aýda tölenmeli kärende tölegi 1000.00 Manat
Kärende kanallaryny, E1 sanly akymaryny, E1 portlaryny, birikdiriji ulgamy taýýarlamak, açmak we ýapmak üçin: 10.40 Manat

Telematiki hyzmatlary (INFOKANAL)

Döwlete degişli edara - kärhanalar, hususy telekeçiler, daşary ýurt maýa goýujylary bolmadyk döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplar (hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalar we başgalar)

2 mbit/s tizlige çenli 2280 manat
3 mbit/s tizlige çenli 2337 manat
4 mbit/s tizlige çenli 2394 manat
5 mbit/s tizlige çenli 2500 manat
6 mbit/s tizlige çenli 3500 manat
8 mbit/s tizlige çenli 4500 manat
10 mbit/s tizlige çenli 5000 manat

Habarlaşmak üçin

Soraglaryňyzy, teklipleriňizi we bellikleriňizi aşakdaky görnüşde iberip bilersiňiz.
Iň ýakyn wagtda jogaplanar.
Salgymyz:

А-Nyýazow köçesi, jaý 104
Türkmenistan, Aşgabat


Tel:

42-05-81


E-mail:

info@agts.tv



x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.