AŞTU

Ýokary durulykdaky teleýaýlymlar

Görmek isleýän gepleşikleriňizi dolandyrmak mümkinçiligi: siz pultda bir düwmäni basmak arkaly göni ýaýlymdaky gepleşigi saklap, göýberilen pursatlary yzyna gaýtaryp we halaýan telegepleşikleriňizi islendik wagt görüp bilersiňiz.

10 manat

Her telefon belginiň 1-nji IPTV nokady üçin her aýdaky tölegi

1 manat

Şol belgidäki 2-nji we ondan soňky her bir IPTV nokady üçin her aýdaky tölegi

IPTV hyzmatyny birikdirmek üçin 20.00 manat.

Birikdirmek
  • Salgy
  • Gerekli resminamalar
  • AŞTU MERKEZI BINASY
  • Gerekli enjamlar

Hormatly müşderi siziň salgyňyzda birikmegiň ADSL ýa-da ETHERNET tehnologiýasy usulynyň haýsynyň bardygyny anyklamak üçin salgyňyzy giriziň ýa-da "Sanawda salgym ýok" düwmesine basyň.

Gerekli resminamalar

    • Arza
    • Telefonyň eýesiniň pasport nusgasy

Hyzmady birikdirmek üçin AŞTU Merkezi binasyna ýa-da beýleki hyzmat ediş nokatlaryna ýüz tutup bilersiňiz. Aşgabat şäher telefon ulgamynyň merkezi binasy A.Nyýazow köçesiniň 104-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 420581.

Dynç günleri ýok.

Hyzmat ediş nokatlarymyz

Gerekli enjamlar

    IPTV ADSL

    • ADSL modem (ýa-da ADSL goldaýan router) 
    • IPTV týuner
    • ADSL Splitter 

    Ethernet

    • IPTV týuner 
    • Ethernet switch (köp nokada birikdirilýän bolsa)

Köp soralýan soraglar

IPTV ulanyjylarymyz tarapyndan tehniki toparymyza ýüz tutulan ýa-da sorag jogap gullugymyzdan köp soralan soraglaryň içinden esasylaryny jogaplary bilen size ýetirmegi makul bildik. Aşakdaky soraglardan we jogaplardan özüňize gerek maglumaty tapyp bilmedik ýagdaýyňyzda biziň bilen habarlaşyň!

  • IPTV-niň beleki telewizor ýaýlymyny görkezýän tehnologiýalardan tapawudy näme?

    IPTV arkaly hemra çanagyny ulanmasyz telefon aragatnaşyk liniýalarynyň üsti bilen size hödürlenýän kanallara tomaşa etmek mümkin. Şeýle hem bu tilsimat arkaly telewizion kanallary telewizor we kompýuteriň üsti bilen tomaşa etmek mümkin. IP-TV tehnologiýasy ulanyjylara göni ýaýlymdaky alyp görkezilişi wagtlaýyn “saklamak” we “yza saradyp görmek” mümkinçiligini hem döredýär.
  • IPTV arkaly telewizora tomaşa etmek üçin nähili enjam zerur?

    IPTV hyzmatyndan peýdalanmak üçin siziň IPTV týunerine, şeýle hem ethernet kabeline zerurlygyňyz bar. Eger-de siz hemra çanagyny hem IPTV bilen bilelikde ulanmak isleýän bolsaňyz, onda IPTV we adaty hemra çanaklarynyň ikisinden hem bir wagtda peýdalanyp bolýan týuner size maslahat berilýär. Ençeme IPTV týunerleri Android ulgamy bilen işleýändigi sebäpli, bu týunerler arkaly ençeme programmalardan hem telewizor arkaly peýdalanmak mümkin.
  • IPTV hyzmaty işlemeýär ýa-da näsaz işleýär, näme etmeli?

    Hormatly müşderi, IPTV hyzmaty işlemeýän ýagdaýynda Şahsy otag hyzmatyndan peýdalanyp öz hasabyňyzda ýeterlik pul möçberiniň bardygyny barlaň. Eger-de hasabyňyzda ýeterlik mukdarda pul bar bolan ýagdaýynda, arabaglanşyk kabelleriniň çatylandygyny, routeriň ýa-da modemiň elektrik toguna dakylandygyny barlaň.

    Ýokarda agzalanlaryň ählisi barlanandan soňra hem IPTV hyzmaty işlemedik ýagdaýynda, goldaw merkezine telefon arkaly ýüzlenip, tehniki çagyryş toparyna ýüz tutuň.
  • IPTV hasabymy nireden nähili dolduryp bilerin?

    IPTV hasabyňyzy doldurmagyň iň aňsat ýoly biziň size hödürleýän "Şahsy otag" hyzmatymyzdyr. Şahsy otaga girmek üçin my.agts.tv salgysyny ulanyp bilersiňiz. Öz telefon belgiňiz we PIN kody arkaly içeri gireniňizden soňra size elýeterli bolan hyzmatlaryň sanawy görüner. "Online töleg" bölümine girip IPTV hasabyňyzy doldyryp bilersiňiz. Tölegler Altyn asyr plastik kartlary arkaly online ýerine ýetirilýär.

    Şeýle hem şäheriň ähli ýerinde diýen ýaly ýerleşdirilen Töleg terminallaryndan öz IPTV hyzmatyňyzyň şertnama belgisi arkaly tölegleri geçirip bilersiňiz.

    Mundan başga-da, hyzmatlar üçin tölegleri biziň hyzmat ediş nokatlarymyz we kassalarymyza baryp töläp bilersiňiz. Töleg kassalarynyň salgylaryny, iş günlerini, wagtlaryny we telefon belgilerini internet saýdymyzyň "Kassalar" bölüminden tanyşyp bilersiňiz.
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.