AŞTU

Ilat üçin çäklendirilmedik internetden peýdalanyň!

Biz müşderilerimize çäklendirilmedik internetiň dürli tizliklerini amatly bahadan hödürleýäris. Bahalarymyz aşakda görkezilen:

128 kbit/s tizlige çenli 100 manat
256 kbit/s tizlige çenli 190 manat
512 kbit/s tizlige çenli 250 manat
1024 kbit/s tizlige çenli 300 manat

Internet hyzmatlarymyzdan peýdalanmaga başlaýan müşderilerimiziň sany günsaýyn ýokarlanýar. Bu hyzmaty täze birikdirýän müşderilerimiz bolsa haýsy tizlikdäki interneti saýlamalydygy hakynda doly maglumata eýe däldirler. Müşderilerimize goldaw bolmagy üçin internet tizlikleriniň mümkinçilikleri barada belläp geçeliň.  

1. Ulgamda
128 kbit/s ýa-da 256 kbit/s tizlige çenli internetlerimiz siziň ulgamda bolmagyňyz üçin ýeter. Bu tizlikler arkaly elektron poçtlaryňyzy, sosial ulgamlaryňyzy ulanyp bilersiňiz. Şeýle-de brauzerler arkaly amala aşyrýan gözlegleriňiz üçin bu tizlik size ýeter. Eger-de öýde internet wifi arkaly paýlanyp birden kän enjam arkaly internete baglanylýan bolsa, bu tizlik siziň üçin haýal bolup biler.
 
2. Tejribe edin
512 kbit/s tizlige çenli internet, internet ulgamlaryndaky wideolary açmaga, aýdymlary indirip almaga şeýle hem sosial ulgamlardaky ähli interaktiw maglumatlary görmäge niýetlenendir. Bu tizlik arkaly wideokonferensiýalary amala aşyrmak we internet ulgamyndaky ýeňil oýunlary oýnamak mümkin. Wifi ulgamy arkaly paýlanylýan bu tizligi 3-4 enjam arkaly ulanmak mümkin.
 
3. Tizlen
1024 kbit/s tizlige çenli internet arkaly bolsa ýokary hilli wideolara tomaşa etmek, internete ýerleşdirilen ýokary hilli oýunlary oýnamak mümkin. Bu internet tizliginde indirmegi we ýüklemegi  ýerine ýetirýän ençeme internet amallaryny ýerine ýetirmek mümkin. Bu tizlik baglanylan ýagdaýynda 4-5 enjama çenli wifi arkaly baglanmak mümkin.
 
Öý telefonyňyz arkaly çäklendirilmedik internet hyzmatyndan peýdalanmaga başlamak üçin telefon eýesiniň pasport nusgasy we internet açdyrmak baradaky arza ýeterlik. Howluguň!
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.