Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky syýasatyndan ugur alyp, ýerli telekeçiler üçin çäksiz internet hyzmatlarynyň täze, ýeňillikli nyrhnamasyny işläp düzdik.
Täze nyrhnamamyza görä hususy telekeçiler, hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalar 2 mbit/s tizlige çenli interneti 1000 manada, 4 mbit/s tizlige çenli interneti bolsa 1500 manada peýdalanyp bilerler.
Ýokary tizlikli internetleriň elýeterli edilmegi her gün kämilleşýän bazar ykdysadyýetiniň oýunçulary bolan telekeçileriň işleriniň kämilleşmegine, daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlary bilen bökdençsiz aragatnaşygy ýola goýmaklaryna sebäp bolar.
Iş ýerlerine birikdirilen bu ýokary tizlikli internetiň peýdaly taraplarynyň ýene-de biri hem telekeçileriň internet ulgamyndan iş gözegçiligini we iş amallaryny edip bilmegi üçin niýetlenilen kämil programmalardan peýdalanyp, işlerini täze basgançaga ýetirmekleridir.
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.