Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2018» atly XI halkara sergisi we ylmy maslahaty.
Ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda ýetilen üstünliklerini görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 10-12-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2018» atly XI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, guramaçylyk komiteti bu halkara sergisine gatnaşmak üçin telekommunikasiýa bazarynda bar bolan hem-de bu ugurda gyzyklanma bildirýän kompaniýalary hormatlamak bilen çagyrýar. «Türkmentel – 2018» atly XI halkara sergisi we ylmy maslahaty telekommunikasiýa ulgamynda ýetilen sepgitler bilen has içgin tanyşmaga, özara pikir alyşmaga, möhüm meseleleriň netijeli çözgüdini tapmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Sergiň esasy ugurlary:
«Türkmentel-2018» atly XI halkara sergisi we ylmy maslahaty boýunça guramaçylyk komiteti ähli soraglar barada goldaw bermage taýýar we habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgiler boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
Tel.: (+99312) 44-90-00, 44-91-91, 44-90-99
Fax: (+99312) 44-93-93
Biz sizi gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2018» atly XI halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys.
Hoş geldiňiz!
Çeşme: Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň resmi internet saýdy
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.