AŞTU

Bank kartynyň CVC kodyny nädip bilmeli?

Bank kartynyň amatlyklaryndan doly peýdalanyp, Internet tory arkaly harytlary we hyzmatlary satyn almak üçin bank kartynyň CVC kodyny bilmek zerur. Internet arkaly tölegi geçirmek üçin bank kartynyň özi hökmany däl, diňe bank kartynyň rekwezitleri we CVC kodyny bilmek gerek. Bank kartynyň CVC kody kartyň hakykylygynyň kepili bolup durýar.

Bank kartynyň CVC kodyny nädip bilmeli?

Bank kartynyň CVC kody kartyň arka ýüzünde gol çekmek üçin niýetlenilen ýerde çap edilip, üç sany sandan ybarat bolýar.Käbir kartlaryň görnüşlerinde bu ýerde CVC kody çap edilmänem bilner. Şu ýagdaýda CVC kody:

- Bank karty çykaran şahamçaňyza ýüz tutup, arzany dolduryp, 2 günüň dowamynda ýapyk konwertda alyp bilersiňiz.

Bellik: bu hyzmat tölegli.

Gözükdirijä laýyklykda, islendik bankomadyň üsti bilen sms arkaly telefon belgiňize ugradyp bilersiňiz. CVC kody Siziň telefon belgiňize iş günlerinde 12 sagadyň dowamynda, dynç we baýramçylyk günlerinde bolsa 24 sagadyň dowamynda iberiler.

Bellik: bu hyzmat tölegsiz bolup, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli hereket edýär.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.