AŞTU

“Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda “Saglygym baş baýlygym” atly göçme çäresi

“Türkmenistan rowaçlygyň Watany” ýylynda “Saglygym baş baýlygym” atly göçme çäresini “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň işgärler toparlarynyň arasynda, 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 25-27 aralygynda sport oýunlarynyň futbol görnüşi boýunça bäsleşik (ýaryş) geçirildi. Ýaryş “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Bagtyýar” myhmanhanasynyň sport meýdançasynda geçirildi. Ýaryşa Jemgyýetiň oglanlar futbol toparlarynyň jemi 8-si gatnaşdy. 

Geçirilen futbol ýaryşynda:
I-orna 3-nji Tehniki aragatnaşyk uzeliniň topary.
II-orna Jemgyýetiň Administrasiýa topary.
III-orna 1-nji Tehniki aragatnaşyk uzeliniň toparlary eýe boldular.

Ýeňijilere “Hormat Hatlary” gowşuruldy.

Sport çäresiniň çäginde müşderilere medeniýetli ýokary hilli hyzmat etmek, hyzmatlarynyň görnüşini artdyrmak barada okuw seminar sapaklary geçirildi. Aragatnaşyk hyzmatlaryny müşderilere hödürlemekde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny ulanmak we olaryň ähmiýeti barada ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly ulgamlary döretmek olary gyssagly ornaşdyrmak barada gyzykly sorag jogaplar alnyp özara gürrüňdeşlikler gurnalynyldy.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.