AŞTU

"AŞTU" ÝGPJ mobil programmalaryny kämilleşdirdi

Aşgabat şäher telefon ulgamy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz müşderilerine berýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrýar. Muňa ýakyn günlerde mobil enjamlar üçin niýetlenilen programmalaryň täzelenmegi şaýatlyk edýär.

Ýakyn günlerde iOS we Android ulgamlary üçin niýetlenilen mobil programmalarda amala aşyrylan özgertmeleriň netijesinde programmalar arkaly tarifleriň üýtgedilmegi ulanyjylara elýeterli edildi. 

Mundan beýläk ulanyjylar üçin arzalar arkaly ýüz tutmak zerurlugy aradan aýrylyp, onlaýn usulda peýdalanýan hyzmatlarynyň tariflerini üýtgetmek ýola goýuldy. 

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.