AŞTU

«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.

Bäsleşigiň ugurlary:

  • saglygy goraýyş
  • ylym we bilim
  • senagat
  • ulag we kommunikasiýa
  • hyzmatlar ulgamy
  • orta we kiçi telekeçilik
  • «akylly» şäher

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki şahslary bäsleşigiň ugurlary boýunça özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň netijeleri «Türkmentel – 2020» halkara sergisiniň geçiriljek günlerinde belli bolar.

Bäsleşigiň düzgünnamasy, tertibi, talaplary hem-de bäsleşige gatnaşmak üçin online hasaba durmak.

Habarlaşmak üçin:
Tel: (+99312) 98-12-12 / 98-13-13

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.