AŞTU

Paýtagtymyzyň aragatnaşyk ulgamynda täze tehnologiýalar özleşdirilýär

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan müşderilere amala aşyrylýan hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen täze, häzirki zaman tehnologiýalary özleşdirýär. Paýtagtymyzyň Parahat -7/3 ýaşaýyş toplumynda gurnalyp işe girizilen GPON (Gigabit Passive Optical Network) FTTH taslamasy, her bir müşderiniň öýüne çenli optiki kabeli çekmilmegini üpjün etdi. Netijede adaty mis kabellerde ýüze çykýan elektromagnit päsgelçilikler aradan aýrylyp, geçirilýän signallaryň hil derejesiniň has ýokarlanmagy gazanyldy.

Häzirki wagtda, ýene-de 5 000 nokatlyk GPON usully optiki aragatnaşyk ulgamy üçin enjamlar toplumyny getirmek barada «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti we daşary ýurt önüm öndüriji bilen şertnama baglaşmagyň üstünde işler geçirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek. GPON tehnologiýasyny ulanmak bilen müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek dünýä telekommunikasiýa ulgamynda iri aragatnaşyk operatorlar tarapyndan häzirki wagtda iň bir giňden üns berilýän tilsimatlaryň biri bolup durýar.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.