AŞTU

30-njy kiçi etrapçada ETHERNET aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlandy

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we parasatly şähergurluşyk syýasaty netijesinde dünýäniň iň bir gözel şäherleriniň birine öwrülen, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň keşbine özüniň ýaramaz täsirini ýetirýän, teleýaýlymlary kabul ediş hususy hemra antennalaryny köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň diwarlaryndan, üçeklerinden aýyrmaklyga ýardam bermek çäreleriniň çäklerinde, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan paýtagtymyzyň kiçi etrapçalaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna Ethernet kabel ulgamlaryny çekmek işleri dowam edýär.

Ýaňy ýakynda, şäheriň 30-njy kiçi etrapçasyndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň hemmesine magistral optiki-süýümli kabelleri, müşderilerň öýlerine bolsa ETHERNET kabel ulgamlary çekilip tamamlandy. Netijede müşderilere amala aşyrylýan telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe we Internet hyzmatlaryň hili has ýokarlandy.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.