AŞTU

Sanly ykdysadyýet – amatlaşdyrylan hyzmatlar

Halk hojalyk pudaklarynyň ähli ugurlarynda ykdysadyýeti dolandyrmagyň sanly usulyýetine geçmek bilen ilata we edara-kärhanalara ýerlenýän harytlaryň hil derejesini ýokarlandyrmak, ýerine ýetiilýän hyzmatlardan peýdalanmagy has amatlaşdyrmak biziň ýurdumyzda ileri tutulýän syýasatlaryň biri bolup durýar.

Paýtagtymyzyň çäklerinde müşderilere telefon aragatnaşygy, IP telewideniýe, Internet we CDMA standartyndaky radioaragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrýan «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti hem ýurt Baştutanymyzyň sanly ykdysadyýeti giň gerimde özleşdirmek we ony hyzmat ediş ugurlar boýunça doly ýola goýmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp öz tejribeli, ýaş hünärmenleriniň güýji bilen degişli taslamalary yzygider durmuşa geçirip gelýär.

Muňa mysal edip, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan ýaňy ýakynda ýola goýulan, müşderiler üçin amatlaşdyrylan, täze hyzmaty belläp geçmek bolar. Indi öý telefon nokady bar bolan müşderi kärhananyň müşderilere şäherdäki hyzmat ediş nokatlaryna barmazdan, online usulynda Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryna birikdirilip, öz islegine görä hyzmatyň baha nyrhnamasyny saýlap bilýärler.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň resmi www.agts.tv web saýtynyň my.agts.tv salgysynda ýerleşýän «Şahsy otag» kömekçi programma üpjünçilinden peýdalanmak bilen müşderi üçin islän hyzmatlaryny birikdirmäge, öçürmäge ýa-da baha nyrhnamasyny üýtgetmäge mümkinçilikler döredildi.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.