AŞTU

Tehniki näsazlyklar we bökdençlikler baradaky habarlar online kabul edilip başlandy

Internetiň biziň durmuşymyza giňden ornaşmagy bilen köp sanly amatlaşdyrylan hyzmatlary ýola goýmaklyga mümkinçilikler döredi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda häzirki zaman sanly maglumatlar ulgamyny emele getirmek bilen, özara ýerine ýetirilýän hyzmatlary we işewür gatnaşyklary sanly infokommunikasiýa görnüşe geçirmek barada aýdan tabşyryklaryndan ugur alyp, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti özüniň ýerine ýetirýän aragatnaşyk hyzmatlary (telefon, Internet, IP telewideniýe) boýunça ýüze çykan näsazlyklar we bökdençlikler barada ýüzlenmeleri online usulynda kabul etmekligi ýola goýdy.

Kärhananyň resmi www.agts.tv web saýtynyň my.agts.tv salgysynda ýerleşýän «Şahsy otag» kömekçi programma üpjünçilinden peýdalanmak bilen müşderi stasionar kompýuteri ýa-da smartfonyň üsti bilen hyzmatyň üç görnüşi boýunça hem, ýagny simli telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe boýunça ýüze çykan näsazlyklar, bökdençlikler barada ýüzlenmelerini online ýerleşdirip bilýärler.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň tehniki goldaw merkezi bu ýüzlenmeleri online kabul edip, olaryň degişli tehniki hünärmenler tarapyndan doly ýerine ýetirilýänçä gözegçilikde saklaýarlar.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.