AŞTU

Paýtagtymyzyň 16-njy tapgyrdaky täze açylan ýaşaýyş toplumynyň we söwda merkeziniň aragatnaşyk ulgamy GPON tilsimaty esasynda ýerine ýetirildi

10-njy noýabrda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyz, ak mermerli Aşgabadyň 16-njy tapgyrdaky ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlar toplumynyň we uly söwda merkeziniň dabaraly açylyşy bolup geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen bu kaşaň ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamak bagty miýesser eden ýaşaýjylaryna häzirki zaman durmuşyň iň bir kämil tehnologiýalaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri döredilen.

Olaryň hatarynda, bu gözel, ýokary amatlykly köpgatly ýaşaýyş  jaýlar toplumyny we söwda merkezini häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin «Aşgabat şäher telefon ulgamy» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan GPON (Gigabit passive optical network) tilsimaty esasynda gurnalan optiki aragatnaşyk ulgamyny hem aýratyn bellärliklidir.

Optiki geçirijileri ulanmak bilen gurulan aragatnaşyk torlary häzirki zamanyň günsaýyn artýan, maglumatlary geçirmegiň ukyplygyna we ýokary tizligine bildirilýän talaplaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu GPON aragatnaşyk ulgamynyň her bir öýde gurnalan ONT terminallary arkaly müşderä bir wagtda üç sany esasy telekommunikasiýa hyzmatlary - telefoniýa, Internet we IP telewideniýe ýokary hilde amala aşyrylar.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.