AŞTU

Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek – müşderileriň rahatlygy

Sanly ulgamyň ykdysadyýete, raýatlaryň durmuş şertlerine giňden ornaşmagy bilen goşmaça amatlyklary we rahatlygy emele getirmäge gönükdirilen täze-täze mümkinçililer peýda boldy. 

AŞTU raýatlara ilki başdaky telefon nokadyny gurnamak işinden başlap, hyzmatlaryň ähli görnüşlerini, şol sanda Internet, IP telewideniýe birikdirmek, öçürmek, hasabyňy doldyrmak we hasabyňda bar bolan pul serişdeleri dolandyrmak, sanly awtomatik telefon beketleriň goşmaça hyzmatlaryny özbaşdak birikdirmek, öçürmek, näsazlyklar boýunça kömek merkezinden peýdalanmak we ondan başga-da birnäçe hereketleri özbaşdak ýerine ýetirmek üçin Online usulynyň doly mümkinçilerini açdy.

AŞTU-nyň www.agts.tv resmi internet saýtyndan hem-de ol ýerdäki «Şahsy otag» platformasyndan peýdalanmak bilen müşderiler kärhanamyz tarapyndan ýerine ýetirilýän ähli hyzmatlaryndan peýdalanmagy we olary dolandyrmagy Online usulynda öýlerinden ýa-da iş orunlaryndan amala aşyryp bilýärler. Indi bu maksatlar üçin kagyz resminamalary ýygnamak, doldurmak we şäheriň içindäki müşderiler hyzmaty nokatlaryna ýörite gelmek, nobata durmak ýaly oňaýsyzlyklar aradan aýryldy.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen halky barada gije-gündiz edýän taýsyz tagallarynyň rowaçlanmagy bilen bagtyýar raýatlarymyz täze, ýokary amatlykly, kaşaň ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar ýa-da ýaşaýyş salgylaryny üýtgedýärler. Bu öýlerde täze telefon nokadyny gurnamaklyga arza bermek üçin www.agts.tv saýtyndaky «telefon nokadyny birikdirmek» bölümine girip, penjirelere degişli maglumatlary Online usulda girizmek ýeterlik bolup durýar.

Hormatly raýatlar! Aşgabat şäher telefon ulgamynyň www.agts.tv web saýtynyň mümkinçiliklerinden online peýdalanmak, durmuşyňyzy goşmaça rahatlyklar bilen üpjün eder.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.