AŞTU

«Sanly çözgüt – 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurduň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen,  aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

  • saglygy goraýyş
  • ylym we bilim
  • ulag – logistika
  • senagat
  • oba hojalyk
  • hyzmatlar ulgamy 
  • robototehnika

Bäsleşigiň her bir ugry boýunça ýeňiji bolan taslamalar gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyp, diplomlar gowşurylar.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplary baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilerisiňiz.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti  2021-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Bäsleşigiň jemleri «Türkmentel – 2021» atly halkara sergisiniň çäklerinde jemlener.

Habarlaşmak üçin: 
Tel: 98-12-12 / 98-13-13

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.