AŞTU

AŞTU müşderilere SMS arkaly habar bermegi ýola goýdy

Müşderileriň rahatlygyny we hyzmatlardan peýdalanmagyň oňaýlyklaryny özüniň iň wajyp wezipesi hasap edýän AŞTU bu ugurda ýene-de bir täze usulýeti önümçilige girizdi. Internet we IP telewideniýe hyzmatlarynyň şertnamalarynda müşderi bilen habarlaşmak üçin bellenilen öýjükli aragatnaşyk telefon belgisine hasaplaşyk aýyň ahyrynda SMS habary awtomatik usulda iberilip başlandy. Bu SMS habary eger-de müşderiniň hasabyndaky galyndy pul serişdesiniň indiki aýda hyzmatlary dowam etmeklige ýeterlikli bolmadyk ýagdaýynda iberilýär we onda hasabyň galyndysy görkezilýär. SMS habary hyzmatlary ulanmakda bökdençligiň we ara kesilmäniň öňüni almak üçin müşderini habarly edýär.

Hormatly müşderiler! www.agts.tv web sahypasynyň «Şahsy otag» uniwersal platformasyny ulanmak bilen öz hyzmatlaryňyzy dolandyrmagyň we tölegleri amala aşyrmagyň online usulyny ulanmagyňyzy maslahat berýäris. Bu Size goşmaça rahatlyklary döreder.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.