AŞTU

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy.

2020-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergi açyldy.

         Sergide Türkmenistan döwletimizde garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan özgertmeleri, senagatda, oba hojalygynda, gurluşyk, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, söwda we hyzmat, maliýe we bank ulgamlarynda, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitleri, şeýle hem ykdysadyýetiň hususy pudagynda öndürilýän ýokary hilli harytlary mahabatlandyrýan 70-den gowrak sergi ekspoziýalary gurnaldy.

         «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň sergi stendinde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan işler we ýetilen sepgitler boýunça maglumatlar ýerleşdirildi. Esasan hem hyzmatlary amala aşyrmagyň Online usulýetini nazarlamak «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň sergi ekspozisiýasynyň merkezi mowzugy boldy.

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.