IP-telewideniýe arkaly «Belet film» hyzmatyna birikmek üçin gollanma
- Müşderiniň ýaşaýan salgysynda IP telewideniýe hyzmaty birikdirilen we aktiw ýagdaýda bolmaly.
- Müşderiniň öýündäki IP týuneri ýa-da smart telewizory Android operasion sistemasynda (V.5 ýa-da ondan ýokary) işleýan bolmaly.
- Müşderi pasporty bilen «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň müşderilere hyzmat edýän bölümine barmaly.
- «Belet film» hyzmatyny birikdirmek barada arza ýazmaly we müşderi şertnamasyny baglaşmaly ýa-da www.agts.tv web sahypasynyň «Şahsy otag» hyzmatyndan peýdalanmaly.
- Nyrhanama laýyklykda birikdirmek üçin 20,00 manat we bir aý hyzmat üçin 30,00 manat müşderi tölegini geçirmeli.
- «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň montýorynyň öýe gelip hyzmaty gurnama we sazlama işlerini geçirmegine garaşmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgi – 09, 083, 42 72 22