AŞTU
09 Fewral, 2021 ý.

AŞTU arzanladylan nyrhlar bilen Internet hyzmatlaryna birikmäge çagyrýar

2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap AŞTU Internet hyzmatlarynyň nyrhnamalaryna uly arzanladyşlar girizdi. Täze nyrhnama müşderileriň ähli hukuk görnüşli taraplaryny öz içine alýar. Müşderi özüniň häzirki wagtda ulanýan tizligini üýtgedesi gelmese, onda onuň ulanýan nyrhnamasy awtomatik usulda täze, arzanladylan görnüşindäki nyrhnama geçýär we müşderiniň bu maksatlar üçin aragatnaşyk bölümine gelmek zerurlygy ýok. Meselem, egerde müşderi şu wagta çenli 512 Kbit/s tizlige çenli hyzmat üçin aýyna 250 manat nyrhnamany ulanyp gelen bolsa, onda 1-nji fewraldan onuň şol bir tizlikli Internet hyzmaty (512 Kbit/s) üçin tölemeli nyrhy 150 manat bolup durýar. 

Müşderiniň hasabynda galýan aratapawut pul serişdeleri bolsa onuň indiki aýda tölemeli bahasynyň üstüne goşular. Eger-de müşderi arzanladylan nyrhlardan peýdalanmak maksady bilen Internet hyzmatynyň tizligi ýokarlandyrylan görnüşine geçmek islese, onda online usulynda www.agts.tv web sahypadaky «Şahsy otag» platformasyndan peýdalanyp ýa-da AŞTU-nyň islendik müşderi bölümine gelip amala aşyryp biler. Arzanladylan nyrhnamalar bilen AŞTU-nyň www.agts.tv web sahypasynda tanyşyp bilersiňiz.

Täze nyrhnamalar

2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den

«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet

üçin täze 4 we 6 Mbit/sek.

nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.

*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz

Şahsy otagdan üýtgetmek
Sahypa dowam etmek
  • 4 mbit/s
    230 Manat
  • 6 mbit/s
    280 Manat
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.