2021-nji ýylyň 24-25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergisi geçirildi. Şanly senä bagyşlanan bu döwlet derejesindäki çärede «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň beýleki edara-kärhanalary bilen bir hatarda
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk sanly ulgamlar arkaly ösdürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, meýdany 70 inedördül metrden gowrak bolan sergi eksponatynda gurnalan uly ölçegli wideo monitorlarda AŞTU tarapyndan müşderilere ýerine ýetiriýän sanly görnüşdäki hyzmatlaryň mahabaty ýerleşdirildi. Şeýle hem, hyzmatlardan peýdalanmagyň gitdigiçe has amatlaşdyrylan usullary barada ýörite mahabat kitapçalar, kärhanaň adyndan dürli sowgatlar salynan bukjalar sergä gatnaşyjy myhmanlara hödürlendi.
Müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmakda sanly ulgamlaryň sansyz mümkinçiliklerini giňden ulanmagy maksat edinýän AŞTU mundan beýläk hem öz önümçilik işinde dünýädäki iň bir kämil tehnologiýalary, usulýetleri ornaşdyrmagy dowam eder.
«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet
nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.
*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.