AŞTU
29 Maý, 2021 ý.

AŞTU paýtagtyň aragatnaşyk ulgamynda optiki geçirijileri ulanmak bilen häzirki zaman GPON tehnologiýasyny ornaşdyrmagy ýaýbaňlandyrýar

Aragatnaşyk hyzmatlarynyň häzirki zaman dünýä bazarynda optiki-süýümli geçirijileri ulanmagyň ähli tarapdan öz ygytybarlygy bilen tapawutlanýar. Gazylyp alynýan tebigy gorlaryň hataryna girýän mis we beýleki metal geçirijili kabelleriň ornuna daşarky täsir ediji päsgelçiliklere durnukly, maglumat geçirijiligi we hiliniň has ýokary, elektrik energiýasyny sarp etmekde tygşytly we şol bir wagtda tehniki taýdan hyzmat etmekde has oňaýly bolan optiki-süýümli kabeller giňden ulanylýar.

Häzirki zamanda durmuşyň ähli ugurlarynda esasy ulanyş zerurlyklaryň birine öwrülen, maglumat alyş-çalyşygyny üpjün etmek üçin ulag gurşawy hökmünde optiki süýümi kabelleri hemme taraplaýyn ulanmak iň amatly usul bolup, müşderiler tarapyndan göwrüme we ýokary maglumat geçiriş tizligine barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. GPON tehnologiýasy, ýagny Gigabit passive optical network, aragatnaşyk beketlerinden müşderiniň öýüne barýan ugurda sandan çykmagy bilen tehniki bökdençlik döredip biljek goşmaça elektrik iýmitlendiriş çeşmeleri bolmadyk passiw optiki ulgamlary gurmak «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan gelejekde şäher içi paýlaýyş aragatnaşyk torlaryny gurmagyň ileri tutulýan tilsimatlarynyň birine öwrüldi.

AŞTU ak mermerli-Aşgabadyň telefon ulgamynda, müşderileri ýokary hilli häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek wezipesini üstünlikli we jogapkärçilikli ýerine ýetirmek maksady bilen GPON optiki-süýümli ulgamlary gurmagyň gerimini giňeldýär.

Häzirki wagtda AŞTU tarapyndan GPON aragatnaşyk ulgamy paýtagtymyzyň 11-nji kiçi etrapçasynyň çäklerini doly üpjün etmek bilen jemi 136 sany köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda, şeýle hem Bitarap Türkmenistan şaýolynyň Gurbansoltan eje şa ýoly bilen tonnel arkaly kesişýän ýerinden demirgazyk tapapyndaky, Bitarap Türkmenistan şaýolynyň iki ugry boýunça ýerleşýän 59 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda gurnamaklyga girişildi. Ýakyn günlerde, agazalan ýerlerdäki ýaşaýyş jaýlarynda gurnalan ONT terminallary arkaly müşderä bir wagtda üç sany esasy telekommunikasiýa hyzmatlary - telefoniýa, Internet we IP telewideniýe ýokary hilde amala aşyrylar.

Ýeri gelende aýtsak, Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Çoganly ýaşaýyş toplumynda dabaraly açylyp ulanylyşa tabşyrylan 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary hem GPON tehnologiýasy arkaly ähli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün edildi. Häzirki wagtda şeýle tilsimatly ulgamlar paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş massiwinde, 16-njy tapgyra degişli bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda üstünlikli ulanylýar.

Täze nyrhnamalar

2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den

«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet

üçin täze 4 we 6 Mbit/sek.

nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.

*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz

Şahsy otagdan üýtgetmek
Sahypa dowam etmek
  • 4 mbit/s
    230 Manat
  • 6 mbit/s
    280 Manat
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.