AŞTU
16 Iýun, 2021 ý.

AŞTU- 11-nji kiçi etrapçada GPON tehnologiýasynyň ilkinji müşderileri

Öň habar berişimiz ýaly AŞTU häzirki zaman GPON tehnologiýasyny ulanmak bilen optiki-süýümli kabelleri müşderiniň öýüne çenli çekmek arkaly paýlaýyş ulgamyny gurmagyny ýaýbaňlandyrdy. Optiki kabelleriň üsti bilen bir bada 3 sany, ýagny telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi paýtagtymyzyň 11-nji kiçi etrapçasynyň B.Annanow köçesiniň 3-nji jaýynyň ýaşaýjylaryna ilkinjileriň hatarynda miýesser etdi. Bu 3 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýynda optiki kabeller gönüden göni müşderiniň öýüne girizilip, ol ýerde oturdylan ONT (optical networks terminal) müşderi terminallaryna birikdirildi.

         Ýeri gelende aýtsak, Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşatmak barada edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp hem-de ilaty iň bir häzirki zaman, ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyny elýeterli etmek maksady bilen, AŞTU tarapyndan ONT müşderi terminallaryny öýlerde muzdsyz şertlerde gurnamak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda dünýäde Internet ulgamlary adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda orun tutup başlady. Şeýle bolansoň, Internet hyzmatlarynyň möçberlerine, tizligine we hiline bolan talaplar, islegler günsaýyn artýar. AŞTU tarapyndan aragatnaşygyň paýlaýyş ulgamlaryny gurmakda GPON tehnologiýasyny ulanmagy, Internet hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmakda uly ýardam berer.

Täze nyrhnamalar

2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den

«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet

üçin täze 4 we 6 Mbit/sek.

nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.

*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz

Şahsy otagdan üýtgetmek
Sahypa dowam etmek
  • 4 mbit/s
    230 Manat
  • 6 mbit/s
    280 Manat
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.