AŞTU
02 Iýul, 2021 ý.

AŞTU- Täze öýlerde täze tehnologiýa

Täze oýlap tapylmalar, ylmy-tehniki açyşlar netijesinde ilki bada ýönekeý ses ýa-da tekst görnüşinde ýerine ýetirilen aragatnaşyk hyzmatlaryna häzirki wagtda düýpgöter başga, ýokary talaplar we islegler bildirilýär.

Ylmy-tehniki rewolýusiýanyň öňe gidişligi netijesinde günsaýyn ösýän, özgerýän, dürli görnüşlere we usulýetlere eýe bolýan aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde dünýäniň telekommunikasiýa ulgamynyň tehniki bilermenleri bir belli netijä geldiler.

Häzirki wagtdaky telekommunikasiýa isleglerini kanagatlandyrmak, aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň dünýä bazaryndaky täjirçilik bäsdeşlige ynamly gatnaşmak üçin müşderi bilen opertoryň aralygynda örän giň tehniki mümkinçilikli, daşky täsir ediji päsgelçiliklere durnukly, şol bir wagtda uzak ulanyş möhletli, tehniki-ykdysady taýdan tygşytly we amatly birikdiriji maglumat geçiriş ulgamy zerur bolup durýar. Öň belläp geçişimiz ýaly, häzirki wagtda bar bolan şeýle maglumat geçiriji ulgamlaryň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk torlary özleriniň ýokary görkezijileri we amatlyklary bilen tapawutlanýar.

        Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar.

         Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlup ulanmaga tabşyrylan, birinji tapgyrdaky 20 sany 4 gatly 32 öýli, jemi 640 sany hojalyga niýetlenen ýaşaýyş toplumda hem optiki kabelleriň üsti bilen bir bada 3 sany, ýagny telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi. Bu ýaşaýyş toplumda optiki kabeller gönüden göni müşderiniň öýüne girizilip, ol ýerde oturdylan ONT (optical networks terminal) müşderi terminallaryna birikdirildi.

         Öň belläp geçişimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyny bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşatmak barada edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp hem-de ilaty iň bir häzirki zaman, ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyny elýeterli etmek maksady bilen, AŞTU tarapyndan ONT müşderi terminallary öýlerde muzdsyz şertlerde gurnalýar.

Täze nyrhnamalar

2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den

«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet

üçin täze 4 we 6 Mbit/sek.

nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.

*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz

Şahsy otagdan üýtgetmek
Sahypa dowam etmek
  • 4 mbit/s
    230 Manat
  • 6 mbit/s
    280 Manat
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.