Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň rowaçlanmagy netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti günsaýyn kuwwatlanýar. Häzirki zaman bazar gatnaşyklarynda ykdysadýetiň sagdyn we durnykly ösmegi üçin hususy eýeçilik we telekeçilik işewürligi möhüm we wajyp orny eýeleýär. Milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça häzirki zamanyň bu ýokary netijeli ugryň günsaýyn rowaçlanmagyna bazar gatnaşyklaryny sanly ulgamlar arkaly utgaşdyrmak syýasaty uly ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýeti ýokary depginlerde ösdürmek barada aýdýan tabşyryklaryndan ugur alyp, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ähli hukuk görnüşli müşderiler üçin hyzmatlary amala aşyrmak we özara hasaplaşyk, maglumat-habar gatnaşygyny sanly ýa-da Online usulyna geçirmek çäreleri yzygider alnyp barylýar.
Ulanylýan aragatnaşyk hyzmatlary üçin fiziki taraply müşderiler eýýäm birnäçe wagt bäri tölegleri Internet ulgamy arkaly, AŞTU-nyň www.agts.tv resmi web sahypasyndaky «Şahsy otag» multi platformasynda online tölegleri, şeýle hem hyzmatlardan peýdalanmagyň ähli beýleki hereketleri özbaşdak ýerine ýetirmeklige mümkinçilik döredildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy baýramçylygynyň öňüsyrasynda AŞTU hem müşderilere özboluşly sowgady bilen geldi. Telekeçi müşderiler mundan öň, her hasaplaşyk aýyndan soňra ulanylan aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg hasaplaşyk resminamasyny alyp, töleg tabşyrygyny doldurmak bilen banklaryň üsti bilen tölegleri ýerine ýetirmelidi. Indi AŞTU tarapyndan müşderiler bilen özara hasaplaşyk hereketlerini kämilleşdirmegiň netijesinde telekeçiler özleriniň Telekeçilik bank kartlaryny ulanmak bilen corp.agts.tv web sahypasyndaky ýörite penjiräniň üsti bilen tölegleri Online usulynda Internet arkaly tölemeklige mümkinçilik döredildi.
Aragatnaşyk hyzmatlary üçin özara hasaplaşyklary täze, Online usulynda alyp barmak Telekeçi müşderilerde wagt tygşytlamak mümkinçiligini we amatlyklary döreder diýip umyt edýäris.
«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet
nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.
*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.