AŞTU
30 Sentýabr, 2021 ý.

AŞTU – önümçilik iş dolandyryşy sanly görnüşe geçirmekde netijeli hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýlak hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan parasatly syýasatynyň rowaçlanmagy netijesinde we ähli halk hojalyk pudaklarynda Sanly ykdysadyýeti tiz wagtlarda ýola goýmak boýunça aýdýan tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen dürli edara-kärhanalar, guramalar öz önümçilik maglumat gatnaşyklaryny sanly ulgamlar arkaly gurnamak taslamalaryny durmuşa geçirýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» 948 belgili we 2020-nji ýylyň 27-nji awgustyndaky «Ministrliklerde, Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda» 1864 kararlaryny ýerine ýetirmek bilen, bu ugurda Aşgabat şäher häkimligi we «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda önümçilik gatnaşyklaryny Sanly ulgamlar arkaly alyp barmak barada aýdan tabşyryklaryndan ugur alyp, Aşgabat şäher häkimligi we «Aşgabat şäher telefon ulgamy» aralygynda baglaşylan şertnama esasynda Aşgabat şäher häkimliginiň merkezi edarasy we garamagyndaky edara-kärhanalar aralygynda bir bitewi merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamy döredilip,  «Merkezi Elektron Ulgam» taslamasy boýunça ýörteleşdirilen kompýuter programma üpjünçilikleri işlenip düzüldi we ulanylyşa girizildi.

Birnäçe tapgyrdan ybarat bolan bu taslamanyň ilkinji «Sanly şäher ulgamy», «Agyz suw billing» tapgyrlary tamamlanyp önümçilik synagyndan üstünlikli geçirildi, ýakyn wagtda bolsa «ÝJÜT billing ulgamy», «API (application programming interface)», «SMS API Serwer ulgamy» we beýleki tapgyrlary kabul edilişe tabşyrylar.

Täze nyrhnamalar

2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den

«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet

üçin täze 4 we 6 Mbit/sek.

nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.

*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz

Şahsy otagdan üýtgetmek
Sahypa dowam etmek
  • 4 mbit/s
    230 Manat
  • 6 mbit/s
    280 Manat
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.