2021-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-Rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasynyň Tehnologiki direktory A.Bolhowitýanowyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi. Ýagny, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, sanly ulgamlary ornaşdyrmak, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususanda A.Bolhowitýanow, «Yandex gözleg» ulgamyna türkmen dilini girizmek, «Yandex karta» ulgamyna Türkmenistanyň işlenen kartasyny girizmek hem-de birnäçe berilýän hyzmatlara integrirlemek («Yandex taxi», Emeli aň, Emeli aňly taksi hyzmaty, Emeli aňly eltip bermek hyzmaty we ş.m.) we «Bulut tehnologiýalary», maglumat gorlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri barada belläp geçdi. Duşuşygyň barşynda, beriljek hyzmatlary ýurdumyzyň ýerli (lokal) serwerlerinde gurnamak mümkinçiligi barada gyzyklanyldy. Aleksandr Bolhowitýanow öz gezeginde bu ugurlarda hyzmatdaşlyga isleg bildirilen ýagdaýynda aýratyn hünärmenler bilen iş duşuşygyny gurnamaklygy we has içgin öwrenmekligi teklip berdi.
Çeşme: https://mincom.gov.tm/tk/news/31/
«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet
nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.
*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.