Öň habar berişimiz ýaly, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň IP telewideniýe hyzmatyndan peýdalanýan müşderileri üçin täze, Belet Film hyzmatyny hödür edip başlady.
Öýüňizde dünýä kino sungatynyň naýbaşy filmleriniň, seriallaryň, çagalar üçin multfilmleriň we dokumental kinoişlerleriň 8 000 gowrak toplumyndan isläniňizi we islendik wagtda Online Kinoteatr görnüşinde, Full HD ýokary hilde tomaşa etmeklige mümkinçilik döredildi.
Belet Film hyzmatyndan bökdençsiz peýdalanmak üçin, IP telewideniýe hyzmaty birikdirilen müşderilerde programma üpjünçiligi v.5 we ondan ýokary bolan Android programmaly týuneri ýa-da smart telewizory bolmaly. Eger-de müşderide şeýle enjamyň bolmadyk ýagdaýynda, indi AŞTU Belet Film hyzmatyndan peýdalanmak isleýän müşderiler üçin gerekli týuner bilen karzyna, ýagny bahasyny 1 ýylyň dowamynda aýma-aý bölekleýin gaýtarmak şertinde üpjün edýär.
AŞTU tarapyndan karzyna üpjün edilýän Android TV BOX týunerleriň bahasy bazar bahalardan has arzan we şol bir wagtda hil derejede ýokary we kepillikli bolup durýar.
Belet Film hyzmatyny birikdirmek üçin AŞTU tarapyndan karzyna týuner berilen ýagdaýynda, hyzmaty birikdirmek üçin bir gezeklik 20 manat we bir ýylyň dowamynda müşderi her aýda 119 manat töleýär. Bir ýyl tamamlanandan soňra müşderi karzyna berilen týuneriň bahasyny doly gaýtardy hasaplanyp, hyzmatyň indiki her aýy üçin 35 manat möçberinde müşderi tölegi alynýar.
Öýüňizde Online Kinoteatr gurnamaga howlugyň.
AŞTU hemişe ýanyňyzda!
«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet
nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.
*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.