Müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde häzirki zaman optiki-süýümli GPON tehnologiýasyny ulanmak AŞTU-nyň öz önümçilik işinde ileri tutýan maksatlarynyň biri bolup durýar.
Optiki kabelleriň üsti bilen bir bada 3 sany, ýagny telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi paýtagtymyzyň 11-nji kiçi etrapçasynyň ähli ýaşaýjylaryna elýeterli edildi we bu ýerde häzirki wagtda 5 324 GPON müşderi nokatlary işledilýär. Bu ýaşaýyş toplumynda optiki kabeller gönüden göni müşderiniň öýüne girizilip, ol ýerde oturdylan ONT (optical networks terminal) müşderi terminallaryna birikdirildi.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşatmak barada edýän aladalaryndan ugur alyp hem-de ilaty iň bir häzirki zaman, ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyny elýeterli etmek maksady bilen, AŞTU tarapyndan ONT müşderi terminallary öýlerde muzdsyz şertlerde gurnaldy.
Häzirki wagtda dünýäde Internet ulgamlary adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda orun tutup başlady. Şeýle bolansoň, Internet hyzmatlarynyň möçberlerine, tizligine we hiline bolan talaplar, islegler günsaýyn artýar. AŞTU tarapyndan aragatnaşygyň paýlaýyş ulgamlaryny gurmakda GPON tehnologiýasyny ulanmagy, Internet hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmakda uly ýardam berer.
«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet
nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.
*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.