Aragatnaşyk hyzmatlaryny häzirki zaman GPON tehnologiýasyny ulanmak bilen optiki-süýümli ulgamlary arkaly müşderilere ýetirmek işi barha giň gerime eýe bolýar. Paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Gurbansoltan eje şaýoly bilen çatrygyndan başlap demirgazyga tarap Oguzhan suw çüwdürimler toplumyna çenli aralygyndaky ýaşaýayş jaýlara we olaryň aşaky gatlaryndaky işewür ofislere, dükanlara GPON tehnologiýasy arkaly telekommunikasiýa hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin optiki-süýümli kabelleri çekmek işleri doly tamamlandy.
Bu maksatlar üçin 30 sany köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda uzynlygy 4 138 metr bolan magistral-bölüji we 26 560 metr bolan binalar içi optiki-süýümli kabelleri AŞTU nyň öz serişdeleriniň hasabyna çekildi.
Ondan başga-da, häzirki wagtda Taslama köçesiniň ugrundaky köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna GPON tehnologiýasy arkaly bir bada 3 sany, ýagny telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryny hödür etmek üçin optiki-süýümli kabelleri çekmek işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.
GPON tehnologiýasy, ýagny Gigabit passive optical network, aragatnaşyk beketlerinden müşderiniň öýüne barýan ugurda sandan çykmagy bilen tehniki bökdençlik döredip biljek goşmaça elektrik iýmitlendiriş çeşmeleri bolmadyk passiw optiki ulgamlary gurmak AŞTU tarapyndan şäher içi paýlaýyş aragatnaşyk torlaryny gurmagyň ileri tutulýan tilsimatlarynyň birine öwrüldi.
«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet
nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.
*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.