Sanly, şol sanda optiki-süýümli telekommunikasiýa ulgamlaryň önümçiligi ýöretmekde, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda we olar bilen baglylykda tutuş ýurduň ykdysadyýetini täze derejelere ýetirmekde mümkinçilikleri örän giň möçberlidir. Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak bilen «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-i ilata we edara-kärhanalara ýerine ýetirýän hyzmatlaryny dolandyrmak işiniň 80% göterimini sanly we online usulýetine geçirdi. Onuň netijesinde müşderilere hyzmat etmegiň hil derejesi görnetin ýokarlandy we kärhananyň ykdysady görkezijilerine oňyn täsirini ýetirdi.
AŞTU önümçiligi we hyzmatlary sanly-online görnüşinde ýöretmek babatynda öz toplan tejribesini paýtagtymyzyň beýleki edara-kärhanalary we guramalary bilen işjeň paýlaşýar. Muňa mysal edip, Aşgabat şäher häkimligi bilen baglaşylan baş potrat şertnamasynyň çäklerinde «Aşgabatagyzsuw» birleşigi üçin arassa agyz suwy we lagym hyzmatlary üçin sarp edijilerden alynýan tölegleri Internet ulgamy arkaly online görnüşine geçirmek taslamasy bolup durýar.
Indi islendik arassa agyz suwy we lagym hyzmatlaryny sarp edijiler (ilat, býujet we hojalyk hasaplaşykly kärhanalar, daşary ýurt firmalar) www.e.gov.tm Döwlet hyzmatlary Internet portalynyň «Jemagat hojalygy» penjiresi arkaly, hyzmat ediş kärhana barmazdan online görnüşinde tölegleri ýerine ýetirmeklige mümkinçilik döredildi.
Ondan başga-da, baş potrat şertnamanyň çäklerinde we taýýarlanylan tehniki şertler esasynda Aşgabat şäher häkimliginiň merkezi edarasy we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň arasynda önümçilik maglumat alyş-çalşygy we elektron resminama dolanşygy ýola goýuldy.
«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet
nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.
*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.