AŞTU
30 Iýun, 2022 ý.

GPON tehnologiýasy – sanly ulgamlary ösdürmek üçin AŞTU tarapyndan ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdydayýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar.

Paýtagtymyzyň Taslama köçesiniň ugrundaky 56 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlardaky 2 100 sany öýlere we olaryň aşaky gatlaryndaky işewür ofislere, dükanlara GPON tehnologiýasy arkaly telekommunikasiýa hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin optiki-süýümli kabelleri çekmek işleri doly tamamlandy. 

Bu maksatlar üçin köpgatly ýaşaýyş jaýlaryna uzynlygy 38 000  metr bolan magistral-bölüji we 92 400 metr bolan binalar içi optiki-süýümli kabelleri AŞTU-nyň öz serişdeleriniň hasabyna çekildi.

Häzirki wagtda Taslama köçesiniň ugrundaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarda GPON tehnologiýasy arkaly bir bada 3 sany, ýagny telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryny ýokary hil derejede hödür etmek üçin optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny enjamlaşdyryş işleri tamamlaýyş tapgyrda alnyp barylýar.

GPON tehnologiýasy, ýagny Gigabit passive optical network, aragatnaşyk beketlerinden müşderiniň öýüne barýan ugurda sandan çykmagy bilen tehniki bökdençlik döredip biljek goşmaça elektrik iýmitlendiriş çeşmeleri bolmadyk passiw optiki ulgamlary gurmak AŞTU tarapyndan şäher içi paýlaýyş aragatnaşyk torlaryny gurmagyň ileri tutulýan tilsimatlarynyň biri bolup durýar.

Täze nyrhnamalar

2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den

«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet

üçin täze 4 we 6 Mbit/sek.

nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.

*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz

Şahsy otagdan üýtgetmek
Sahypa dowam etmek
  • 4 mbit/s
    230 Manat
  • 6 mbit/s
    280 Manat
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.