AŞTU
05 Noýabr, 2022 ý.

Aşgabatda «Türkmentel-2022» XV Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär

Sebitde uly ähmiýetli çäreleriň hatarynda bolan bu sergini 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. 

«Türkmentel-2022» serginiň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny, taslamalaryny ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna çekmek, kosmos tehnologiýalary, sarp edijileri ygtybarly hem ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine alýar.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem sergi zalynda 100 in.m meýdanly stendini gurnamak bilen, onda jemgyýetiň müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryny hödür etmekde dürli amatlyklary we oňaýlyklary döretmek maksatly özleşdirilen sanly tilsimatlar, programma üpjünçilikleri, dünýäniň telekommunikasiýalar bazarynda ulanylýan häzirki zaman usulýetler barada maglumatlar, wideo şekiller we rolikler ýerleşdiriler.

AŞTU tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatlar, hyrnnamalar barada has içgin we gyzykly tanyşmak üçin VR (virtual reality) zone, ýagny ýörite äýnekleri dakmak arkaly tomaşa edilýan wirtual meýdançalar gurnalar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň guramagynda geçirilýän «Türkmentel — 2022» atly ХV halkara sergi we ylmy maslahaty ýurdumyzda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar ulgamynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezmäge, ulgamy ösdürmegiň meýillerini hem-de geljekki mümkinçiliklerini kesgitlemäge, Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegine uly ýardam berer.

Biz Sizi şu ýylyň 10-11 noýabrynda geçiriljek «Türkmentel — 2022» atly ХV halkara sergi zalynda gurnalýan AŞTU-nyň sergi stendinde hoş gördük!

x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.