AŞTU
05 Noýabr, 2022 ý.

AŞTU Call center we Co-location täze hyzmatlaryny hödür edýär

Ylmy-tehniki ösüşleriň netijesinde dünýäniň telekommunikasiýa bazarynda müşderileri çekmek bäsleşigi ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň täze görnüşlerini özleşdirmegi talap edýär. Sanly tehnologiýalaryň ägirt uly mümkinçilikleri aragatnaşyk hyzmatlaryny adaty telefon, Internet ýa-da IP telewideniýe bilen çäklendirmän, müşderiler tarapyndan hyzmatlaryň görnüşlerine bolan talaplaryny hem ýokarlandyrdy.

Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagtynyň müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirýän esasy operator bolan AŞTU hem öz önümçilik işinde täze tehnologiýalary we programma üpjünçilikleri gurnap, hyzmatlaryň täze görnüşlerini müşderilere hödür edip başlady.

Indi dürli edara-kärhanalar, firmalar, kompaniýalar we hususy telekeçiler AŞTU bilen Call center hyzmatyna şertnama baglaşmak arkaly, özlerine degişli bolan telefon belgilerinde maglumat we sorag-jogap operator ýerlerini gurnamaklyga mümkinçilik aldylar. Call center hyzmatynyň firmalaryň, kompaniýalaryň we hususy telekeçileriň öz hyzmatlaryny we harytlaryny ýurdumyzyň içerki bazarynda ýerlemekde, ýaýratmakda uly ähmiýeti bardyr. Call center hyzmaty üçin berkidilen telefon belgiler jaň edýän müşderiler üçin elmydama açyk bolup, operator bilen söhbetdeşlik arkaly gerekli maglumatlar bilen üpjün bolýarlar.

Şeýle hem, öz önümçilik işinde sanly ulgamlary, Internet we online söwda hyzmatlaryny ulanýan hususy kärhanalar, telekeçiler, firmalar-kompaniýalar üçin AŞTU tarapyndan Co-location hyzmaty hem ýola goýuldy. Müşderiler bu hyzmatdan peýdalanmak bilen öz web sahypalaryny, maglumatlar binýadyny ýerleşdimek üçin AŞTU-nyň uly serwerlerinden ýat bölek ýerlerini kärendesine almak, ýa-da özlerine degişli bolan serwerleri AŞTU-nyň tehniki otagynda ýerleşdirmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilýärler. Co-location hyzmatyna şertnama baglaşmak we özleriniň serwer enjamlaryny AŞTU-nyň tehniki otagynda ýerleşdirmek arkaly, müşderiler bu serwerlere 24/7 görnüşde tehniki hyzmat, bökdençsiz tok çeşmesi bilen üpjün bolýarlar we serweri merkezi aragatnaşyk toryna birikdirmek üçin aragatnaşyk ulgamlaryny, kanallary kärendesine almak zerurlygyny aradan aýyrýarlar.

AŞTU mundan beýläk hem müşderilere aragatnaşygyň täze görnüşli hyzmatlaryny hödür etmek üçin ähli tagallalary eder.

Täze nyrhnamalar

2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den

«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet

üçin täze 4 we 6 Mbit/sek.

nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.

*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz

Şahsy otagdan üýtgetmek
Sahypa dowam etmek
  • 4 mbit/s
    230 Manat
  • 6 mbit/s
    280 Manat
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.