Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly görnüşdäki ösüşlere gönükdirmek we şunuň bilen baglylykda Internet ulgamynyň hyzmatlaryny has-da ýaýbaňlandyrmak baradaky parasatly tabşyryklaryndan ugur alyp, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan ilata berilýän Internet hyzmatlarynyň tizligini ýokarlandyrmak we şol bir wagtda onuň nyrhlaryny arzanlatmak, ýokary tizlikli täze nyrhnamalary girizmek çäresine badalga berilendigi barada buýsançly habar berýär.
Täze girizilen nyhnamalara laýyklykda hyzmatyň 1 aýlyk bahasy:
Öň tizligi 512 Kb/s Internet hyzmatyndan peýdalanýan we aýda 150 manat töleýän müşderiler awtomatik usulda, nyrhyny (150m) üýtgetmezden 1 Mb/s tizlikli Internet hyzmatyna geçirilýär. Şeýle hem, 1 Mb/s iň pes tizlikli Internet hyzmaty bolup durýar.
Öň aýyna 200 manat töleýän we 2 Mb/s tizlikli Internetden peýdalanyp gelen müşderileriň nyrhnamasy awtomatik usulda, şol bir tizlik bilen aýda 180 manat nyrhnama geçirilýär. Egerde müşderi mart we ondan soňky aýlary üçin öňki nyrhnama boýunça 200 manat tölän bolsa, onda billing ulgamy müşderiniň hasabyny 180 manatlyk nyrhnama geçirýär we galan pul serişdelerini hakujy hasabynda saklaýar.
Häzirki wagtda täze nyrhnamaly tizliklere geçmek islegleri barada müşderilerden degişli ýüzlenme arzalary kabul edilip başlandy.
AŞTU bilen ýokary tizlikli we elýeter bahaly Internet hyzmatlaryndan peýdalanmaga howlugyň!
Habarlaşmak üçin: 09, 083
«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet
nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.
*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz
Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.