AŞTU
30 Aprel, 2023 ý.

Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglynyşyk we ösüş - 2023» halkara maslahaty we sergisi geçiriler

2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Onuň maksady halkara ulag pudagynda netijeli ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri, telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolar.

Şeýle hem, maslahatda «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» ugurlardaky halkara ulag geçelgelerine, şol sanda Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy bilen arabaglanyşygyň bir bölegi hökmünde Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň we ugurlarynyň, üstaşyr potensialyň we ulag infrastrukturasynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guraýar. Her ýyl geçirilýän iri halkara çäre milli ulag kärhanalarynyň halkara aragatnaşyk pudagynda alyp barýan işlerini giňeltmek, Türkmenistanyň döwlet guramalary, iri logistika institutlary we ulag-logistika ulgamlary boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Maslahatda ara alnyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň ähmiýeti bilen bagly bolmagyna garaşylýar.

Täze nyrhnamalar

2023-nji ýylyň mart aýynyň 1-den

«Asgabat säher telefon ulgamy»
ÝGPJ fiziki sahslara çäklendirilmedik internet

üçin täze 4 we 6 Mbit/sek.

nyrhnamalaryñ girizilendigini, şeýle hem häzirki wagtda hödürlenýän hyzmatlaryň bahalarynyň arzanlaýandygyny Size habar berýär.

*Hormatly müşderiler! «Asgabat şäher telefon ulgamy» internet nyrhnamasyny agts.tv web sahypasynda öz şahsy otagyňyzda we mobil goşundysynda üýtgedip bileriňiz

Şahsy otagdan üýtgetmek
Sahypa dowam etmek
  • 4 mbit/s
    230 Manat
  • 6 mbit/s
    280 Manat
x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Töleg kartyny saýlaň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.